DILDEN TERJIME ETMEK

Ýazmaça terjimelerden başga, biziň Terjimeçilik merkezimiz maslahatlary, işewür duşuşyklary we gaýry resmi çäreleri geçirmek üçin yzygiderli terjime etmek hyzmatlaryny teklip edýär. Mundan başga-da, biz işewür saparlaryň we gepleşikleriň dowamynda lingwistiki goldawy edýäris.

“TAKYK TERTIP” HK Terjimeçilik merkezinde tehniki, hukuk, lukmançylyk, işewür we beýleki köp pudaklarda baý iş tejribesi bolan dilden terjime edýän terjimeçileriň topary işleýär. Yzygiderli terjimede ýöriteleşdirilen terjimeçilerimiz lukman bilen gatnaşyk etmekde, ýapyk işewür duşuşyklarda, müşderiler bilen duşuşyklarda we beýleki çärelerde dil goldawyny eder. Şeýle hem biz şertnamalaryň şertlerini ylalaşmak dowamynda we dürli dillerde alnyp barylýan beýleki gepleşikleriň dowamynda yzygiderli terjime hyzmatlaryny edýäris.

Dilden edilýän terjimelere üçin buýurmalary mümkin boldugyça ir ibermegiňizi haýyş edýäris, biz Siziň talaplaryňyza laýyk gelýän terjimeçini saýlap bereris.

Buýurmany ýerleşdirmegiň iň az möhleti – 3-5 iş güni.