HÜNÄR TAÝDAN ÝOKARY ÝAZMAÇA TERJIME HYZMATLARY

Biz islendik görnüşli ýazmaça resminamalaryň hünär taýdan ýokary terjime etmek hyzmatlaryny teklip edýäris.

Ähli terjimeçilerimiz öz işini ussatlyk bilen ýerine ýetirimek bilen terjime ylmyny we sungatyny kämil derejede bilýär.

Terjimeçilerimiz şu aşakdaky resminamalaryň terjimesini ykjam ýerine ýetirer:

  • Tehniki resminamalaryň we dürli enjamlary ulanmak boýunça gollanmalaryň terjimesi;
  • Işewür we şahsy hat alyşmalaryň terjimesi;
  • Ykdysady, hukuk we maliýe edebiýatynyň terjimesi;
  • Täjirçilik meýilnamalarynyň, şertnamalaryň, mahabat önümleriniň terjimesi;
  • Sertifisitleýji we gümrük edaralaryna bermek üçin ýan resminamalarynyň terjimesi;
  • Edebi eserleriň terjimesi;
  • Lukmançylyk resminamalarynyň terjimesi;
  • Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda gaýybana bilimi alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň diplomlarynyň, şeýle hem goşmaça resminamalarynyň terjimesi (has takyk maglumat üçin “Bilim pudagynda konsalting” bölümine serediň);
  • Daşary ýurtlara çykmak üçin resminamalaryň terjimesi.

Siziň maglumatyňyzyň aňryçäk goragyny kepillendirmek üçin biz ähli terjimeçilerimiz bilen gizlin maglumaty ýaýratmazlyk hakyndaky ylalaşygy hökmany tertipde baglaşýarys.