WEB-SAÝTLARY DÖRETMEK

Saýt – bu özüň we öz täjirçilik işiň hakynda beýan etmegiň iň gowy usulydyr.

Saýtlary işläp taýýarlamak – häzirki zaman täjirçiligiň möhüm elementidir. Täjirçilik saýty – öz satuwlaryňy we müşderi binýadyňy giňeltmegiň artykmaç mümkinçiligi. Häzirki zaman bazary öz düzgünlerini ýöredýär we öz işinde üstünlik gazanmak isleýän her bir, aýratyn hem, iri guramanyň hususy web-serişdesiniň bolmagy wajypdyr.

“TAKYK TERTIP” HK Size saýtlaryň şu aşakdaky görnüşlerini teklip edýär:

  • Mahabat saýty;
  • Korporatiw saýty;
  • Internet katalog;
  • Internet dükany;
  • Internet portal.

Döretmek we taýýarlamak möhleti Buýrujynyň talaplaryna bagly bolup durýar.