PROGRAMMIRLEME

“TAKYK TERTIP” HK – programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan milli kompaniýa.

Biz orta we iri täjirçilik kompaniýalary, senagat kärhanalary, döwlet we ylmy-bilim edaralary üçin häzirki zaman programmalaryny işläp taýýarlaýarys we ornaşdyrýarys.

Esasy iş görnüşleri:

  • döwlet pudaklary üçin mysaly programma çözgütlerini üpjün etmek;
  • şahsy sargyt boýunça programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak;
  • programmalary ornaşdyrmak, ulanyjylary okatmak;
  • informasion ulgamlaryna hyzmat etmek.

Поставка

Разработка

Bнедрение

Oбслуживание


Biziň çözgütlerimiz tutuş Türkmenistan boýunça döwlet edaralarynyň we täjirçilik kompaniýalarynyň iş netijeliligini we hilini ýokarlandyrýar.

Ähli programmalar öňdebaryjy informasion tehnologiýalary ulanmak bilen işlenilip taýýarlandy, ýokary ösüş potensialy bar we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.

“TAKYK TERTIP” HK elektron resminama dolanyşygy ulgamy täjirçiligi dolandyrmak boýunça dürli meseleleri çözmäge, şol sanda resminamalar we şertnamalar bilen işi ýöretmäge, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylmagy we ýerine ýetirijilik düzgün-tertibe gözegçilik etmäge ýardam edýär. “TAKYK TERTIP” HK kagyz resminama dolanyşygynyň ýörite aýratynlyklaryny hasaba alýar we şol bir wagtda her guramanyň ýeke-täk täjirçilik proseslerini elektron görnüşde resmileşdirmegin mümkinçilik berer.

Dünýä bazarynda ykrar edilen programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagyň innowasion tehnologiýalarynyň we ýerli bazaryň tapawutlanan mümkinçilikleriniň utgaşdyrmak bilen “TAKYK TERTIP” HK elektron resminamalaryny we wezipeleri dolandyrmak üçin döwrebap elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy arkaly çözmegi teklip edýär. Ulgamyň giňeldilen funksionallygy guramanyň iş öndürijiligini ýokarlandyrmak, amallaryň açyk bolmagy, çykdajylary azaltmak we işgärleriň iş wagtyny optimallaşdyrmak üçin netijeli gurallary berýär.

Biziň ýöriteleşme ugurlarymyz:

  • Buýurmaly çäkli programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak;
  • Orta we iri täjirçilik kompaniýalarynda, senagat kärhanalarynda, döwlet we ylmy-bilim edaralarynda iş üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak.

Biziň artykmaçlyklarymyz:

  • Biz tutuş Türkmenistan boýunça işleýäris;
  • Internet arkaly biziň programma önumlerini döwrebaplaşdyrmak we alyp barmak meselelerinde üstünlikli tejribämiz bar;
  • Önümlerimiz we hyzmatlarymyz ýokary hilli we ygtybarly;
  • Programma üpjünçiligini ornaşdyrmakda diňe ähli kemçilikleri düzetmek bilen Buýruja tabşyrýarys;
  • Biz diňe mysaly programmalary däl-de, eýsem şahsy buýurmalary şahsy işläp taýýarlaýarys;
  • Buýrujylaryň isleglerini we zerurlyklaryny hasaba almak bilen programma üpjünçiligimiziň, saýtlaryň täze modifikasiýalaryny teklip edýäris;
  • Aýyň dowamynda biziň programmalara tölegsiz kepillikli hyzmat etmek, şeýle hem olaryň mundan soňky amallarynyň alyp barylmagy we konfigurirlenmegi.