PROSES

TASLAMANYŇ UTGAŞDYRYJYSY

Biz işiň ýeke-täk ulgamyny işläp taýýarladyk, oňa laýyklykda her terjimeçilik taslamasyna aýratyn utgaşdyryjy ýolbaşçylyk edýär. Ol ähli terjime prosesiniň dört tapgyrynda hil standartlarynyň berk berjaý edilmegine şahsy taýdan jogap berýär we Siziň taslamaňyz üçin pikiriňizi maksatlaýyn auditoriýa has takyk we aýdyň beýan edipe biljek hünär taýdan ýokary hünärmenleri saýlaýar.

Taslamaňyzyň utgaşdyryjysy terjimäniň her tapgyrynyň tamamlama möhletini belleýär we taslama üstünde işiň her tapgyryny şahsy taýdan yzarlaýar, bu bolsa işiň ýokary hilini üpjün etmäge we wagtynda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Siz islendik wagtda utgaşdyryjyňyz bilen habarlaşyp, taslamaňyz boýunça işiň haýsy tapgyrda ýerine ýetirilýändigini, şeýle hem islendik ýüze çykan soraglara jogap alyp bilersiňiz.

TERJIMÄNIŇ TEHNOLOGIÝASY

4-derejeli proses pudaklaýyn standart bolup, ol ýerine ýetirilýän terjimäniň ýokary hilimi we takyklygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.


TERJIMEÇILER TOPARY

Her taslama üçin biz terjimäniň tematikasyndan ugur alyp, bilermenler toparyny üns bilen saýlaýarys. Biz 4-derejeli prosesimiziň birinji tapgyrynda taslamanyň ýöriteleşmesi babatda topara giňişleýin ugrukdyryjy maslahat berýäris, soňra terjimeçiler adalgalaryň şahsy glossariýini işläp taýýarlaýar. Bu bolsa taslama çekilen ähli terjimeçileriň işini sinhronlaşdyrmaga, ýeke-täk adalgalary ulanmaga we işiň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmaga ýardam edýär.


TERJIME ÝAT ULGAMY

Biziň terjime ýat ulgamymyz (Translation Memory System) beýany segmentirlemegiň we adalgalary dolandyrmagyň gaýtalanmaýan ulgamyny ulanýar, bu bolsa terjime prosesini azyndan 30 %-e tizleşdirmäge mümkinçilik berýär. Biziň terjimeçilerimiz şu ulgamy we beýleki hünär programma üpjünçiligini taslamany amala aşyrmagyň ähli tapgyrlarynda ulanýar. Ulgam bize aňryçäk takyklygy, logiki baglanyşygy üpjün etmek we terjimäni wagtynda tabşyrmak mümkinçiligini berýär.


KORREKTOR

Terjime edilen beýan düzedijä berilýär, ol orfografiýany, grammatikany, sintaksis, frazeologiýany ykjam bilen barlaýar we hatda beýanyň umumylygyny, birmeňzeşligini üpjün etmek üçin terjimede ulanylan sözleriň etimologiýasyny takyklaýar.


GOÝBERIJI REDAKTOR

We iň ahyrynda jogapkärli goýberiji redaktor, Siziň taslamaňyzyň tematikasy boýunça hünärmen beýanyň umumy barlagyny amala aşyrýar we şol pudakda ulanylýan adalgalaryň we düşünjeleriň takyklygyny tassyklaýar.


Taslamaňyz 4-derejeli prosesiň ähli tapgyrlaryny geçenden soň, biz terjimäniň iň ýokary hil derejesini we mümkin bolan aňryçäk takyklygyny kepillendirýäris.